Feb 12, 2024 11:09 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministriniň Siriýanyň prezidenti bilen duşuşygynda iň möhüm sebit meselelerine garaldy

Eýranyň Daşary işler ministri Siriýanyň prezidenti bilen bolan duşuşygynda iň möhüm sebit we halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian sebit saparynyň ikinji tapgyrynda ýekşenbe güni Damaska ​​bardy we Siriýanyň prezidenti Başar Assad bilen duşuşdy we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Gaza krizisi we sionist režimiň Palestinanyň ezilen halkyna garşy eden jenaýatlaryny bes etmegiň zerurlygy baradaky gepleşik "Hüseýin Amirabdollahian" bilen "Başar Assadyň" arasyndaky gepleşikleriň iň möhüm nokatlarynyň biri hökmünde yglan edildi.

Şeýle hem Eýranyň Daşary işler ministri Siriýanyň Daşary işler ministri Feýsal Mekdad bilen duşuşygynda özara gyzyklanýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Tags