Apr 03, 2024 12:30 Asia/Ashgabat
  • Ysraýylyň Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň konsullyk bölümine eden hüjümini halkara ýazgardy

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň konsullyk bölümine Ysraýyl režiminiň hüjümi bilen baglanyşykly gyssagly ýygnagy Sionistleriň terrorçylyk hereketlerini berk we aç-açan tankyt etdi.

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliniň orunbasary "Zahra Erşadi" bu ýygnakda Eýran Yslam Respublikasynyň bu aýylganç jenaýatlary we gorkak terrorçylykly hüjümleri berk ýazgarýandygyny aýtmak bilen Ysraýyl režimi Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyny, halkara kanunlaryny, Siriýa Arap Respublikasynyň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny we territorial bitewiligini aç-açan bozdy diýdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Günbatar Aziýa, Aziýa we Ýuwaş umman meseleleri boýunça Baş sekretarynyň kömekçisi "Muhammet Halid Al-Hiari" hem bu ýygnakda Ysraýylyň Siriýadaky Eýranyň ilçihanasyna eden hüjümini ýazgardy we Diplomatik we konsullyk jaýlarynyň we işgärleriniň eldegrilmesizligi ähli ýagdaýlarda halkara kanunlaryna laýyklykda hormatlanmalydyr diýdi.

Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili "Wasiliý Nebenzia" Ysraýylyň Eýranyň Siriýadaky ilçihanasyna eden hüjümini ýazgarýan mahaly Ysraýylyň hereketleri kabul ederliksizdir; Sebäbi diplomatik delegasiýalar ähli şertlerde eldegrilmesizlige eýe bolmalydyr diýdi.

Hytaýyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliniň orunbasary hem Ysraýylyň hereketiniň Siriýanyň territorial bitewiligini bozýandygyny aýdyp, Eýranyň hökümetine we halkyna duýgudaşlyk bildirdi.

Dünýä ýurtlary Sionist režimiň bu jenaýatlaryny ýazgaryp duran mahaly emma bu ýygnakda Angliýa, Fransiýa, Ýaponiýa we Günorta Koreýa Amerika bilen birlikde sionist režimiň hüjümini ýazgarmakdan ýüz öwürdiler. Bu ýurtlar diňe sebitdäki dartgynlylygyň güýçlenmegine alada bildirdiler.

2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde / Ysraýylyň söweş uçarlary Eýranyň ilçihanasynyň Damaskyň Al-Mezeh köçesindäki konsullyk bölümini nyşana aldylar.

Bu çozuşyň netijesinde Eýranyň diplomatik we harby güýçleriniň ýedi agzasyny goşmak bilen on üç adam şehit boldy.

Tags