Feb 09, 2024 22:11 Asia/Ashgabat
  • Eýran Yslam Rewolýusiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçysynyň Instagram-da sahypalarynyň petiklenmegi

Eýran Yslam Rewolýusiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Hezretleri Aýatolla Hameneýiniň Instagram-da sahypalary petiklendi.

  Amerikanyň "Meta" kompaniýasy, Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýiniň Instagram we Facebook sahypalarynda hasaplaryny petikländigini habar berdi.

  2021-nji ýyla çenli "Facebook" ady bilen işleýän Meta Platformasy, penşenbe güni Eýranyň Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýiniň Instagram we Facebook sahypasyndaky hasaplarynyň kompaniýanyň guramalar babatdaky syýasatlarynyň bozulmagy sebäpli togtadylandygyny toslady. Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň mertebesi belent ýolbaşçysyna degişli wirtual sahypalaryň hasaby öň Instagram we Twitter ýaly beýleki platformalarda çäklendirmelere we hasaplaryň öçürilmegine duçar bolupdy.

Bu,mertebesi belent Ýolbaşçynyň soňky hepdelerde Sionist regimeimiň Palestina topraklarynda, esasanam Gazada eden jenaýatlaryndan soň, palestinalylaryň garşylygyny goldamak we sebitleriň hökümetlerine jenaýaçy sionist režimi bilen gatnaşyklary kesmek baradaky sözleri, sebitiň ilatynyň arasynda oňyn pikirlerden başga-da,günbataryň  ýolbaşçylaryň we metbugatynyň gaharyny getirdi.

 Eýran Yslam Rewolýusiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçysynyň Palestina meselesini goldaýandygyna Günbataryň gahary

Bu Lideriň, dünýäniň köp ýerinde millionlarça yzarlaýjylary bolan hasaplarynyň kiber giňişliginiň kompaniýalary tarapyndan petiklenilmegi, Günbataryň söz azatlygyna aç-açan duşmançylygyny görkezýär. Eýran Yslam Rewolýusiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçysynyň hasaplarynyň ýapylmagyna garamazdan, soňky ýyllarda günbatarda wezipeli adamlaryň we hatda ýönekeý raýatlaryň yslamofobiýa işleri, musulmanlaryň mukaddes kitabyna we Yslamyň beýik pygamberine sosial mediada bihormatçylyklary üçin sahypalary petiklenmeýär. Günbatarda söz azatlygy bahanasy bilen takmynan iki milliard adamy bilen Yslam diniň kemsidilmegi Günbataryň söz azatlygyny we adam hukuklaryny goldamakdaky gapma-garşylygynyň we goşa syýasatynyň ýene bir mysalydyr. Söz azatlygy Günbatar güýçleriniň alyp barýan işleriniň biri bolsa-da, tejribe syýasaty diňe olaryň bähbitlerine we gymmatlyklaryna laýyk gelýänçä kabul edýändiklerini subut etdi. Beýleki bir tarapdan, Yslam azatlygy nygtaýar Adamlaryň arasynda jyns, din we reňk taýdan tapawut ýok diýýär.

 

 

Tags